ABŞ Eýranyň üç ýadro desgasy, şol sanda Fordo boýunça howa zarbalaryny amala aşyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

21-nji iýun agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamdan halka ýüzlenme bilen çykyş edip, amerikan bombalaýjy uçarlarynyň Eýranyň üç sany ýadro desgasy boýunça howa zarbalaryny amala aşyrandygyny mälim etdi.

Zarbalar Fordo, Natanz we Isfahan şäherlerindäki ýadro desgalaryna gönükdirilipdir. "Biziň maksadymyz Eýranyň urany baýlaşdyrmak mümkinçiligini ýok etmek we dünýäde terrorizmiň esasy hemaýatkäri bolan döwletiň döredýän ýadro howpuny zyýansyzlandyrmakdy. Men şu gün bütin dünýä ýüzlenip, zarbalaryň örän üstünlikli bolandygyny aýdyp biljek. Eýranyň uran baýlaşdyrmak boýunça esasy desgalary doly ýok edildi" diýip, prezident Tramp aýtdy.

Ol Eýranyň häkimiýetlerini parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdy, ýogsa-da mundan nobatdaky zarbalaryň has giň gerimli boljagy barada duýduryş berdi.

Trampyň administrasiýasyndaky çeşmelere salgylanyp, Amerikan metbugatynyň habar bermegine görä, zarbalar ABŞ-nyň Missuri ştatyndaky harby-howa bazasyndan uçan we howada 37 sagat bolan strategik B-2 bombalaýjy uçarlary we suwuň aşagyndaky gämiler bilen amala aşyrylypdyr.

Fordodaky desganyň nyşana alynmagynda alty sany bombalaýjy uçar gatnaşyp, olar jemi 12 sany bomba taşlapdyrlar. Natanz we Isfahan şäherlerindäki nyşanalara bolsa amerikan suwasty gämilerinden ganatly raketalar bilen zarbalar urlupdyr.

Eýranyň resmileri üç ýadro desgasy boýunça howa zarbalarynyň amala aşyrylandygyny tassykladylar.

Ýekşenbe güni irden zarbalaryň ýetiren zyýanynyň göwrümi baradaky garaşsyz çeşmelerden tassyklanan maglumat ýokdy.

B-2 kysymly amerikan uçarlary ýörite bunkerleri ýykmaga ukyply bombalar bilen üpjün edilip bilinýär. Şol sebäpli olar ýerasty berkidilen desgalara, şol sanda Ysraýyl howa güýçleriniň zarbalaryndan goragly hasaplanýan Fordodaky Eýran ýadro desgasyna zeper ýetirmäge ukyplydyr. Eýranyň metbugatynyň ýazmagyna görä, Fordo desgalary ýerden 90 metr çuňlukda ýerleşip, amerikan zarbalaryna garşy durnukly hasaplanylýardy.

Zarbalaryň amala aşyrylandygy baradaky habarlardan soň, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu prezident Trampyň kararyny goldap çykyş etdi. Ol Trampyň ”dünýäniň iň howply režimini iň howply ýaragdan mahrum etmek üçin çäre görendigini“ aýtdy.